SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň tagallalaryna oňyn baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda geçirilen «C5+1» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň bilelikdäki tagallala...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17–18-nji oktýabrynda Yrak Respublikasynyň Bagdat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Gurama agza döwletleriň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň möhüm n...
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda Biodürlülik baradaky maslahatyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurda iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Baku şäherinden Ermenistan Respublikasyna ugrady. Birnäçe wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Ýerewanyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Ermenistan Respub...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Baku Kongresler merkezinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasy...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 12–16-njy oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi geçirildi. Bu halkara forumyna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Onuň çäklerinde şu ýylyň 12-nji oktýabrynda geçirilen umumy çykyşlaryň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda ynsanperwer meselele...
Baku şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky do...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri we taraplaryň özara bähbitlerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hereket edýän ikitaraplaýyn w...