SOŇKY HABARLAR
Buharestde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Buharest şäherindäki Milli rumyn daýhançylyk muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan guralan «Türkmenistan: Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy – mirasyň we medeniýetiň baýramy» atly medeni serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary mynasybetli guraldy. Açylyş dabarasyna diplomatik korpusyň, döwlet edaralaryn...
Türkmenistanyň DIM-nde Finlandiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Finlandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Helsinki ş.) täze bellenen Ilçisi Maria Agre bilen duşuşdy. Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň Türkmenistanyň hem-de Finlandiýa Respublikasynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda tar...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ICAPP-nyň Sekretariatynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aziýanyň syýasy partiýalarynyň halkara maslahatynyň (ICAPP) Sekretariatynyň Ýörite wekili Çong Te Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ösüşiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda...
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabada gelen, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky işjeň we netijeli gatnaşyklary barada nygtap geçdiler. Iň ýokary derejeli we ýokary derejeli aragatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde e...
Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri badalga aldy
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilmegine uly üns berýändikleri üçin iki ýurduň Baştutanlaryna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdile...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de azerbaýjan wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza i...
Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze sahypasy: Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Moskwanyň «Rus aýdymy» döwlet akademiki teatrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu gatnaşyklar ähli döwürlerde hem dostlugyň, özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär. Şu gezekki türkmen medeniýetiniň baýramçylygy hormatly myhmanlary: Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň wekillerini, Russiýanyň medeni edaralarynyň...