RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

pic
25 Mar

Türkmen halysynyň sergisi Buharestiň muzeýinde açyldy

2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň bilelikdäki tagallasy bilen Rumyniýanyň Milli daýhançylyk muzeýinde gurnalan “Arşyň nepisligi - türkmen halysy” atly uly göwrümli haly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Mejlis agzalary, ministrlikleriň we bölümleriň ýolbaşçylary, öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynyň  rektorlary, akademiki toparlaryň, muzeýleriň,...

CITESTE MAI MULT
pic
24 Mar

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat

2025-nji ýylyň 24-nji martynda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we...

CITESTE MAI MULT
pic
23 Mar

BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamany biragyzdan kabul etdi

2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendi bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnamany hödürlemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy we ýurdumyzyň deňagramly parahatçylyk taglymatyny halkara giňiş...

CITESTE MAI MULT
pic
20 Mar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Alparslan Baýraktar  duşuşyk üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli sala...

CITESTE MAI MULT
pic
20 Mar

Aşgabatda geçirilen halkara maslahatda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça myhmanlar Aşgabat şäherine geldiler. Maslahata Hökümet agzalary, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň w...

CITESTE MAI MULT
pic
19 Mar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Ana Tinka bilen duşuşdy.

2025-nji ýylyň 19-njy martynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Ana Tinka bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň dinamikasyny hem-de Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň geljegini bellediler. Geljekki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ygrarlydygyny belläp, taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurl...

CITESTE MAI MULT
pic
19 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 18-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Halkara sergiler býurosynyň ýurdumyz bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilýän serginiň ýokary guram...

CITESTE MAI MULT