SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Li Kan-Soky kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk dabaralarynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde uly täs...
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Eiji Hosoi wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormat...
Gruziýanyň Adalatçysy bilen bolan duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň depginini kanagatlanma bilen bellediler. Ýokary derejedäki yzygiderli özara saparlaryň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy faktory bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Ş...
Türkmenistanyň DIM-nde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtlarda akkreditirlenen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Halk Maslahatynyň mejlisini...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. RF-niň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Prezident Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly goňşy ýurduň Baştutany pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi...