SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanda işleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, hususan-da BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň mü...
KHBS üçin maglumat
Halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, onuň esasy ýörelgeleriniň biri döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmakdan ybaratdygyny nazara alyp, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa Hytaýyň...
Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory Maýka Oşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri, aýratyn-da ýurduň BSG-a goşulmagy bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, milli kada...
Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-iniň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy Döwletmyrat Muratow, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň DIM-iniň Konsullyk departamentiniň baş direktory Oana Dariýe ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda tarapla...
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin...
Parahatçylyk söýüjilik – Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady. Institutyň merkezi binasynyň eýwanynda halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryna degişli maglumatlary beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Halkara bäsleşige gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar. Soňra “Halkara gatnaşy...
Pnompende Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kamboja Patyşalygyna saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi
2026-njy ýylyň 8-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pnompen şäherine saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanowyň Kamboja Patyşalygynyň Hökümetiniň we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi. Kambojanyň Hemişelik döwlet sekretary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji It Sofea bilen geçirilen duşuşykda, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ilkinji...