img
AMBASADA TURKMENISTANULUI
ROMANIA - BUCURESTI
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÄJIGISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

photo

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda paýtagtymyzyň «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar.

Iki dostlukly döwletiň Prezidentleri geçiriljek üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýkäk hem ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.