Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Anaýew Rumyniýanyň Akylly şäherler birleşiginiň (RAŞB) ýolbaşçysy jenap Eduard Dumitrasku bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Anaýew Rumyniýanyň Akylly şäherler birleşiginiň (RAŞB) ýolbaşçysy jenap Eduard Dumitrasku bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň başynda rumyn tarapy, 2016-njy ýylda işine başlan bu birleşigiň esasy işleri barada gürrüň berdi. RAŞB – bu akylly şäher senagaty bilen baglanyşykly dürli ugurlardan hünärmenleri  birleşdirýän, şeýle hem 300-den gowrak hyzmatdaşy bolan edara. Eduard Dumitrasku birleşigiň Saud Arabystanynda NEOM taslamasy boýunça gözleg işleriniň geçirilýändigini habar berdi we diňe bir akylly däl, eýsem bilimli we ösen şäherleri döretmek üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen rumyn tarapynyň halkara hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyň açykdygyny beýan etdi.

Soňra türkmen tarapy Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşyny, Türkmenistanda alnyp barylýan özgertmeleriň ähmiýeti we Türkmenistanyň Halk Maslakhatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Arkadag şäherinde "akylly şäher" konsepsiýasy boýunça alnyp barylýan işleriň gidişi barada gürrüň berdi.

RAŞB-niň ýolbaşçysy öz çykyşynda diňe bir durnukly şäher ösüşini öňe sürmän, eýsem Arkadag şäherini şäher kämilliginiň global nusgasy hökmünde görkezýän strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin anyk ädimler ätmek isleýändigini aýtdy.

Türkmen tarapy, 2025-nji ýylyň Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine ünsi çekip, bu global maýa goýumlaryny çekmek üçin zerur bolan durnuklylyk, ösüş we hyzmatdaşlyk mümkinçiligini ajaýyp görkezýär, şeýle hem rumyn tarapynyň işleşmägehöwesini goldap  2025-nji ýylyň 17-19-njy martynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň geljegine maýa goýmak” (ITF2025) hususy pudaga maýa goýumlary boýunça halkara forum barada habar berdi.

Eduard Dumitrasku, hususy pudaga maýa goýumlary boýunça halkara foruma gatnaşmaga hoşniýetli çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we bu forumyň hyzmatdaşlygy berkitmek we Türkmenistanyň durnukly ykdysadyýetinde maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek üçin strategiki mümkinçilik boljakdygy barada belläp geçdi.