Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat
2025-nji ýylyň 5-10-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahaty hem-de “Magtymguly Pyragynyň diwany” atly goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri Ruminiýanyň Kluž-Napoka şäherinde iş saparynda boldular.
Saparyň dowamynda Türkmen wekiliýeti Tarnsilwaniýa milli taryhy muzeýinde saklanýan gadymy taryhy we arheologiki tapyndylar bilen tanşdyryldy, Rumyniýanyň Babeş-Bolyai uniwersitetiniň Merkezi kitaphanasynda seýrek neşirler bölümi bilen tanyşdylar we Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly kitabyny Babeş-Bolyai uniwersitetiniň merkezi kitaphanasyna ýadygärlik sowgat berdiler. Mundan başgada türkmen wekilýeti Kluž-Napoka şäher häkimliginiň orunbasary we Babeş-Bolyai uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyklar geçirildi.
2025-nji ýylyň 9-nji aprelinde Ruminýanyň Babeş Bolyai uniwersitetiniň Türkologiýa institutynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahatynyň hem-de “Magtymguly Pyragynyň diwany” atly goşgular ýygyndysynyň rumyn diline tejime edilen nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çykyşlarda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen we rumyn alymlarynyň billelikde şahyryň eserleriniň terjimesi bilen bagly edilen işler we onuň ömri hem-de döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hakynda gürrüň edildi. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde Magtymguly Pyragy hakyndaky kitaplaryň, kitapçalaryň we türkmen halysynyň, zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, parahatçylygy we dostlugy berkitmäge, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň hem-de ylmy-medeni diplomatiýasynyň türkmen-rumyn dostluk köprüsini giňeltmäge mümkinçilik berýändigi, ylmyň, medeniýetiň we jemgyýetiň öňünde duran häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge giň ýol açýandygy bellenilip, Türkmenistan tarapyndan meşhur şahsyýetleriň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny halkara derejesinde dabaralandyrmak babatynda alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi.