CELE MAI RECENTE STIRI
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy açyldy. Forumyň işine Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri girdi. Ykdysady forumyň dowamynda anyk taslamalaryň derejesinde, tehnol...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI DUŞENBEDE DUŞUŞDYLAR
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Oňyn häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Mer...
DUŞENBEDE TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi. Netijeli duşuşygyň dowamynda ministrler çuňňur strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-täjik gepleşikleriniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu nukdaýnazardan dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňligi aýratyn nygtaldy. Türkmen tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag we logistika pudagy boýunça sebit mümkinçiliklerini has-da ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. Tür...
AŞGABATDA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 11-13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine bäş hazarýaka döwletiň – Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilýetleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar hazar boýunça güntertibiniň esasy meselelerini, hususan-da ylalaşygyň taslama...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTANA SAPARY AMALA AŞYRYLAR
2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçiriler, olaryň arasynda daşary syýasat...
NOUL AMBASADOR AL VIETNAMULUI PRIMIT LA MEJLIS DIN TURKMENISTAN
La 11 septembrie 2023, președintele Mejlis al Turkmenistanului, D. Gulmanova, a acceptat acreditările Ambasadorului Extraordinar și Plenipotențiar al Republicii Socialiste Vietnam, Dang Minh Khoi. În numele președintelui Turkmenistanului, șeful parlamentului l-a felicitat pe ambasador pentru numirea sa, urându-i succes în activitățile sale diplomatice. Ambasadorul, la rândul său, a transmis cuvinte calde de salut din partea președintelui Vietnamului Vo Van Thuong, care a adresat cele mai b...