RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

20 Iun

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Wengriýa sapary amala aşyryldy

2024-nji ýylyň 18-nji iýunynda Budapeştde Türkmenistan bilen Wengriýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, wenger tarapyna – Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda türkmen-wenger gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....

CITESTE MAI MULT
17 Iun

Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji iýunynda Warşawada Türkmenistan bilen Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, polýak tarapyna Polşanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmen-polýak hyzmatd...

CITESTE MAI MULT
12 Iun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Ilki bilen Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki doganlyk halkyň taryha uzaýan gatnaşyklarynyň häzi...

CITESTE MAI MULT
12 Iun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezi...

CITESTE MAI MULT
11 Iun

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkme...

CITESTE MAI MULT
4 Iun

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda...

CITESTE MAI MULT
1 Iun

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy welosiped ýaryşyny gurnady

2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli Buharest şäherinde welosiped ýörişi geçirdi. Agzalan sport çäresi Buharest şäher häkimliginiň, şeýle hem “Green Revolution” Assosiasiýasynyň goldawy bilen Buharest şäherinde ýerleşýän “Mihaý I Patyşasy” adyndaky parkynda guraldy. Çäre Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem bu ýurtda wagtla...

CITESTE MAI MULT