CELE MAI RECENTE STIRI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de ol Pre...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary
2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Monako Knýazlygyna saparynyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy geçirildi. Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň bilelikde surata düş...
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Anaýew bilen Informatika boýunça Milli gözleg we ösüş institutynyň (ICI Buharest) gözleg institutynyň baş müdiri Adrian Wiktor Wiveranyň arasynda duşuşyk geçirildi.
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Informatika boýunça Milli gözleg we ösüş institutynyň (ICI Buharest) binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Anaýew bilen gözleg institutynyň baş müdiri Adrian Wiktor Wiveranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda rumyn tarapy gözleg institutynyň binasynda türkmen tarapyny garşylamaga hoşallygyny bildirip, Milli gözleg we ösüş institutynyň taryhy, alyp barýan işi we gözleg ugurlary barada gürrüň berdi we iki ýurduň arasyndaky gözlegleriň, teh...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Katýa Şeferiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň, esasan hem DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegine aýra...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyryldy
2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyz ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, şoňa görä, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr eýel...
BMG-niň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Ba...
Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň w...