CELE MAI RECENTE STIRI
Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen BMG-niň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy babatynda hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda halkara ynsanperwer hukugyny berjaý etmek ugrundaky işleri barada brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň wekilleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaş...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Jogapkär sekretary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi açmak bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýurduň ýolbaşçylygynyň Türkmenistanyň ÝU...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem beýleki pudak edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa inst...
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bilen Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary duşuşyk geçirdi.
2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bilen Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary, energetika pudagynda türkmen-rumyn iş toparynyň rumyn tarapynyň ýolbaşçysy jenap Pawel-Kasian Nitulesku we degişli bölümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar energetika pudagynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň bardygyny bellediler we ikitarapla...
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana amala aşyran saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimu...
Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi. Bu ýerde geçen ýyllaryň dowamynda t...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen geldi. Şol gün türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huşang Bazwand bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribe...