RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

pic
25 Oct

Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine — «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezine ugrady. Daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda...

CITESTE MAI MULT
pic
25 Oct

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ik...

CITESTE MAI MULT
pic
21 Oct

2024-2029-njy ýyllar üçin IAEA-nyň Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň mejlisi

2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2024-2029-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň meýilnamalary dolandyrmak boýunça işgäri Emine Aliç hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyn...

CITESTE MAI MULT
pic
16 Oct

Yslamabat şäherinde Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň birnäçe duşuşyklary geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek kesgitlenildi. Bu ug...

CITESTE MAI MULT
pic
16 Oct

Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Türkmen tarapy öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin obýektiw we hakyky mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi...

CITESTE MAI MULT
pic
15 Oct

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Yslamabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşyldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we...

CITESTE MAI MULT
pic
15 Oct

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşyk hakynda

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň işiniň netijeliligini bellediler we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň b...

CITESTE MAI MULT