RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

pic
21 Iun

Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - Çehiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bar b...

CITESTE MAI MULT
pic
21 Iun

Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler ü...

CITESTE MAI MULT
pic
20 Iun

Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Ruslan Stoýanow bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň ba...

CITESTE MAI MULT
pic
20 Iun

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Wengriýa sapary amala aşyryldy

2024-nji ýylyň 18-nji iýunynda Budapeştde Türkmenistan bilen Wengriýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, wenger tarapyna – Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda türkmen-wenger gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....

CITESTE MAI MULT
pic
17 Iun

Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji iýunynda Warşawada Türkmenistan bilen Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, polýak tarapyna Polşanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmen-polýak hyzmatd...

CITESTE MAI MULT
pic
12 Iun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Ilki bilen Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki doganlyk halkyň taryha uzaýan gatnaşyklarynyň häzi...

CITESTE MAI MULT
pic
12 Iun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezi...

CITESTE MAI MULT