CELE MAI RECENTE STIRI
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň ähmiýetli ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynd...
Начался визит делегации Туркменистана в Японию
Туркменская делегация под руководством министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова в период 22-23 января 2024 года пребывает с рабочим визитом в Японии. В рамках визита планируется проведение встреч в Правительстве, Парламенте, профильных министерствах и ведомствах, с руководством финансовых и экспортно-кредитных агентств, ведущих японских компаний. Повестка предстоящих встреч будет сфокусирована на вопросах, связанных с укреплением межгосударственного диалога, расширением конта...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. R.Meredow duşuşygy açmak bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada pudagara toparyň çäginde 2023-nji ýylyň dowamynda alnyp barylan anyk işleriň netijeleri...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde häzirki meseleler we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmakda özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem iki dostlukly ýurduň energetika ulgamyndaky mümkinç...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. J.Owji Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny ýetirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylý...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. M.Şinas Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň öňde duran gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugu...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen geçirilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi....