Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulularyň maslahaty öz işine başlady

photo

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň açylşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany özüniň çykyşynda ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 25 ýylynyň içinde syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ýeten   sepgitlerini giňişleýin beýan etdi hem-de döwletiň we jemgyýetiň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirdi.

Durmuş-ykdysady ulgamda gazanylan üstünlikler barada durup geçip, Türkmenistanyň Prezidenti geçen 25 ýylyň içinde ýurtda 144 milliard ABŞ dollary moçberinde maýa goýumlaryň özleşdirilendigini, önümçilik we önümçilik maksatly däl 544 sany iri desgalaryň gurulyp ulanmaga berilendigini belledi.

1995-nji ýyl bilen deňeşdirilende daşary söwda dolanşygynyň möçberi 8 esse artdy. Türkmenistan ägirt uly iki sany energetiki taslamany, ýagny Türkmenistan-Hytaý we Türkmenistan-Eýran gazgeçirijisini durmuşa geçirdi. 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlandy.

Şeýle hem, 2007-nji ýyldan bäri milli ykdysadyýetde maliýe we bank ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň başlanandygy çykyşda bellendi. Şeýlelikde Türkmenistany esasan agrar ykdysadyýetli yurtdan ýokary derejeli önümçilik tehnologiki ulgama eýe bolan  senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça kabul edilen döwlet strategiýasy hakykata öwrülýär.

Önümçilikde, oba hojalygynda gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda we beýleki pudaklarda hususy sektor hem ýokary depginler bilen ösýär. Häzirki wagtda JIÖ-iň düzüminde döwlete degişli däl pudagyň paýy 68 % (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) deňdir. Döwlete degişli bolmadyk kärhanalaryň umumy sany bolsa 25 müňe ýetdi.