Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti öz ermeni kärdeşine çakylygy kabul edip, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Ermenistanyň Prezidenti halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle möhüm çäräniň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini nygtady.

Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, syýahatçylyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bilelikdäki hökümetara toparyň işi döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Onuň işi gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilendir.

Söhbetdeşlikde yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregi goldaýarlar.

Duşuşykda Prezident Waagn Haçaturýan Prezident Serdar Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.