RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

pic
3 Dec

Türkmen we rumyn uniwersitetleri goşa diplom ulgamynyň mümkinçiligine garadylar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Rumyniýada saparda boldy. Saparyň dowamynda Rumyniýanyň in inženerçilik tehnologiýasy pudagyndaky iň uly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Buharestiň Politehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada HYY we ÖU-nyň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşykda Buharestiň Politehniki uniwersitetiniň prorektory Horiýa Nekula bu ýokary okuw mekdebiniň taryhy, gurluşy, akademiki we halkara işleri barada jikme-ji...

CITESTE MAI MULT
pic
1 Dec

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar gatnaşyjy ýurtlaryň umumy bähbitleri üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek nukdaýnazaryndan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belled...

CITESTE MAI MULT
pic
30 Noi

Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi geçirilýär

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Wengriýa iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşýar. Şu ýylyň mart aýynda bu düzümiň 15-nji mejlisi Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk...

CITESTE MAI MULT
pic
28 Noi

Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň çäginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ýokary derejeli duşuşygynyň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Işjeň ýagdaýda geçen söhb...

CITESTE MAI MULT
pic
28 Noi

«ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 27-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Foruma gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Parlament Assamble...

CITESTE MAI MULT
pic
28 Noi

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Pia Kauma wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtal...

CITESTE MAI MULT
pic
27 Noi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Žan Todt 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça ýurdumyza gelendigini hem-de saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri...

CITESTE MAI MULT