Türkmenistanyň wekiliýeti Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 30-njy  noýabry -1-nji dekabry aralygynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy. ÝHHG-ä başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri B.Osmaniniň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga ÝHHG-niň 57 döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri we ýolbaşçylary hem-de 11 hyzmatdaş döwletleriň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Duşuşyk daşary işler ministrlerine ýewroatlantik we ýewraziýa sebitlerinde howpsuzlygyň ähmiýetli meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de guramanyň işini düýpli seljermäge platformany döretdi.

Türkmen tarapynyň çykyşynda ýurdumyzyň bu gurama 2023-nji ýylda Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň üstünlikli başlyklyk etmegine ýokary baha berýändigi barada nygtaldy.

W.Hajiýew Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlyga we onuň esasy ýörelgeleriniň goralmagyna ygrarlydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, guramanyň işiniň üç ölçegine esaslanyp, Türkmenistanyň başlangyçlary, ileri tutulýan garaýyşlary we maksatlary beýan edildi.

Türkmenistanyň teklipleri tehnologik hyzmatdaşlyga esaslanyp serhetde howpsuzlygy ýokarlandyrmak, maglumat alyş-çalşygyny we syýasy dialogy giňeltmekde umumy maglumat binýadyny döretmek boýunça garaýyşlary öz içine aldy. Howanyň üýtgemeginiň täsirlerini nazara alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýada ulgamlaşdyrylan suw strategiýasyny we Howanyň üýtgemegi boýunça sebit merkezini döretmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şeýle-de, ulag ulgamynda we arabaglanyşygy berkitmek boýunça Türkmenbaşynyň halkara deňiz portyny ösdürmek hem-de Merkezi Aziýa ulag-logistik platformany döretmek başlangyçlaryna Türkmenistanyň ygrarlylygy bellenildi.

Çykyşynyň ahyrynda W.Hajiýew sebit meselelerini ýeňip geçmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň işjeň hem-de döredijilikli dialoga taýýardygyny tassyklady.