Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi barada

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynynyň ýolbaşçy komitetiniň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça milli işçi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirilen çärä BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, BMG-niň Türkmenistandaky edarasynyň hemişelik utgaşdyryjysy N.Saakýan, UNFPA-nyň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy A.Seýitliýewa, UNISEF-iň Türkmenistandaky wekili M.Faýazi, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili - Adalatçy, şeýle hem degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Ministr R.Meredow öz çykyşynda gatnaşyjylaryň ünsüni Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanalary bilen özara gatnaşyklarynyň mehanizmini we taslama-maksatnama çärelerini durmuşa geçirmegiň guralyny ulgamlaşdyrmagyň zerurlygyna gönükdirdi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan-BMG Strategiki maslahat Geňeşiniň işini täzeçe ýola goýmak, geňeşiň düzüminiň agzalyk meselelerine seretmek we täzelemek hem-de Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynynyň, DÖM-iň we bu geňeşiň çäginde beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki mejlisleri ýylyň başynda bilermenler derejesinde, ýylyň ahyrynda ýolbaşçylar derejesinde öňünden kesgitlenen gün-tertibine laýyklykda geçirmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.

Çykyş edenler, Çarçuwaly maksatnamanyň aşakdaky bäş maksatly toparynyň üns merkezine laýyklykda hukuk we durmuş-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alyşdylar:

- häzirki zaman ýaşyl tehnologiýalary ulanmak arkaly azyk howpsuzlygynyň we howanyň üýtgemeginiň meselelerini dolandyrmak;

- sanlylaşdyrmak we maglumatlary dolandyrmak;

- bilim bermegiň mekdep we ýokary hünär basgançaklarynyň ösüşini üpjün etmek;

- saglygy goraýyşyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek;

- Türkmenistanda adam hukuklary institutlaryny ösdürmek, ýagny, adam hukuklaryny goramak boýunça institutlaryň düzüminde ýörite çagalaryň hukuklaryny, aýallaryň hukuklaryny goramak boýunça degişli ugurlary döretmek.

  Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygynyň uly geljegine we ýokary depginde ösjekdigine ynam bildirdiler.