Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana sapary barada

img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 16-17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Mottaki, Dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de Söwda we senagat ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyny içine alýan meseleleriň ençemesine seredildi.

Hususan-da, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň häzirki ýagdaýy, Owganystanyň demirýol infrastrukturasynyň giňeldilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, daşary işler ministrleri we iki döwletiň wekiliýetleriniň agzalary türkmen hem-de owgan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurluşygy alnyp barylýan energetika we ulag taslamalaryna baryp gördüler.