Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerlik ýüküni ugratdy we zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.

Prezident Sadyr Žaparow gyrgyz halkynyň adyndan we öz adyndan bu çylşyrymly pursatda duýgudaşlyk sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Gyrgyzystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, goňşy döwlete ilkinjileriň hatarynda kömek eden Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara onuň ýurdunda ýokary baha berýärler. Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi hem-de berlen goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Döwlet Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.