Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy

2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Abu Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary , Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise Prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli ösýändigini nygtap, taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň baştutanlarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde ýokary derejeli aragatnaşyklaryň hem möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

 

Şeýle-de şol gün R.Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine ünsi çekip, taraplar, hususan-da, tebigy gaz, elektrik energiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ulag we logistika hyzmatdaşlygy babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we öň gol çekilen resminamalaryň ýakyn döwür içinde durmuşa geçirilmegi babatynda işjeň pikirler alyşyldy.

Şol bir wagtyň özünde, taraplar söwda we ykdysady ugurda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini bellediler we mundan beýläk hem giňeltmäge bolan isleglerini beýan etdiler.

BAE-de türkmen wekiliýetiniň sapary dowam edýär.