Buharestde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara medeni konferensiýa geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

  2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda, Diplomat gününiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy “Magtymguly Pyragy-türkmen mugallymy, dünýäniň akyldary we şahyry” atly halkara medeni konferensiýa we 2024-nji ýylyň 25-nji fewralyna çenli Rumyniýanyň Milli kitaphanasynda dowam etjek şahyryň döredijiligine bagyşlanan sergi gurady.

Maslahata Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Parlementiň agzalary, ministrlikleriň we bölümleriň ýolbaşçylary, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Ylymlar akademiýasynyň, muzeýleriň, söwda we senagat palatalarynyň wekilleri, Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Çykyşlaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýetini wagyz etmekde Türkmenistanynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn orny barada bellendi.

Çykyş edenler şahyryň döredijiliginiň türkmen diliniň we edebiýatynyň ösüşine täsiri, türkmen halkynyň milli özboluşlylygy we döwletliligi, şeýle hem ähliumumy ruhy gymmatlyklaryň hazynasyna goşan goşandy barada söhbet etdiler. Şeýle hem, Magtymguly Paragynyň diňe bir Gündogaryň ýurtlarynda däl, eýsem tutuş dünýäde halkara we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki orny barada pikir alyşdylar.

Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň durmuşy we Rumyniýanyň Milli Telewideniýesi tarapyndan taýýarlanan Türkmenistan barada dokumental film görkezildi. Şeýle hem, talyplar dürli dillerde türkmen edebiýatynyň beýik klassigynyň goşgularyny okadylar.

Çäräniň jemleýji böleginde gatnaşyjylar halkara ylmy we medeni maslahatyň gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna we ösmegine möhüm goşant goşandygyny biragyzdan ykrar etdiler. Çärä gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň rumyn dilinde goşgular ýygyndysy, “Magtymguly” üç dilli internet sahypasy barada nyşanlar we mowzuga degişli ýadygärlik sowgatlary berildi.

Maslahatyň çäginde çärä gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” kitabynyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň dürli dillere, şol sanda rumyn dilineterjime edilen eserleriniň, monografiýalaryň, okuw kitaplary we ylmy makalalar, şeýle hem haly we haly önümleri, şaý-sepler, Türkmenistan baradaky suratlar we halk sungat eserleri guraldy.

Baýramyň aýdym-saz bölüminde tomaşaçylaryň öňünde dutarda milli aýdym-saz we halk döredijiligi bilen çykyş edildi.

Çäräniň ahyrynda myhmanlara türkmen aşhanasynyň tagamlary hödür edildi.