Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny, bu mukaddes baýram mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny hem ýetirdi.

Dostlukly ýurduň Baştutany, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmekde uly goşant bolandygyny nygtady hem-de Arkadagymyzdan Prezident Serdar Berdimuhamedowa salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etd.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Milli Liderimiz ýakynda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde geçiren duşuşyklaryny we gepleşiklerini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mümkinçilikden peýdalanyp, Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtady hem-de şanly ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adynyň dakylmagynyň özi üçin uly mertebedigini ýene-de bir gezek belledi.

Doganlyk ýurduň Baştutany hormatly Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini we Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, uzak möhletleýin strategik ýörelgeler esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.