Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Irden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugrady.
Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Mongol Lideriniň resmi garşylamak we Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde taryhy waka boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi, iri halkara guramalaryň çäklerinde ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi.
Türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy ösüşiň ýörelgelerine garaýyşlar babatda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendir. Ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak meselelerine biziň çemeleşmelerimiziň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi onuň möhüm şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Mongoliýanyň Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, ýurdumyzyň BMG-de we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny köp ýyllaryň dowamynda goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirildi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Mongoliýanyň dünýäniň syýasy giňişliginde öňe sürýän garaýyşlaryny we halkara ähmiýetli tekliplerini mundan beýläk-de goldamagy maksat edinýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu saparyň dowamynda meseleleriň giň toplumyna serediljekdigine we ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmegiň uzak möhletli geljegini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň kesgitleniljekdigine ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, şu gezekki ýokary derejedäki gepleşikleriň iki dostlukly döwletiň ähli ulgamlardaky gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Mongol Lideri özara hormat goýmak we netijelilik häsiýetine eýe bolan, halkymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýän döwletara dialogy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-mongol gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Uhnaagiýn Hurelsuh uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň umumy bähbitlere, Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini bellediler.
Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Soňra iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Mongoliýanyň Prezidenti Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy, şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşdy.
Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, Mongoliýanyň Prezidentiniň şol geçen döwürden bäri Türkmenistana ilkinji saparyna döwletara dialogyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygy hökmünde baha berilýär. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.