Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Buharest şäherinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu halkara gün 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan makullanyldy.
Çärä Buharest şäher häkimligi we “Ýaşyl rewolýusiýa” birleşigi goldaw berdi. Oňa diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ilçihanalaryň wekilleri, Rumyniýanyň DIM-niň wekilleri türkmen raýatlary hem-de Rumyniýada bilim alýan talyplar gatnaşdy.
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamammet Annayew çykyş edip, sport diplomatiýasynyň Bitaraplyk syýasatynyň, halkara hyzmatdaşlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegindäki ähmiýetine ünsi çekdi. Bu ugurlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG tarapyndan kabul edilen, welosipedi durnukly ösüşiň bir bölegi hökmünde jemgyýetçilik ulag ulgamyna goşmagy göz öňünde tutýan karara aýratyn üns berildi.
Welosipedli ýörişe gatnaşanlar Türkmenistanyň ekologiýa we ynsanperwer ugurlardaky başlangyçlaryna hem-de halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.