TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARYNYŇ DYKGATYNA

Hormatly watandaşlar! Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler.

Rumyniýada wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň geçiriljek Prezident saýlawlarynda ses bermekleri üçin, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň (Buharest ş., Sektor 1,  Intrarea Aviator Teodor Iliescu, 33) ýanynda 1-nji saýlaw uçastogy 2022-nji ýylyň 2-nji martyndan hereket edip başlar.

Hormatly watandaşlar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzyň on sekiz ýaşy dolan ähli raýatlarynyň saýlamaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukugynyň bardygyny ýatladýarys.

Saýlawlar, sala salşygyň güni, ýagny 12.03.2022ý. senede Buharest şäherine gelip bilmeýän saýlawçylar saýlaw uçastogynda öňünden ses bermäge hukuklarynyň bardygyny hem dykgatyňyza ýetirýäris.

Her bir saýlawçy diňe öz adyndan ses bermäge hukugy bardyr. Saýlawlara we sala salşyklara gatnaşýan her bir raýatyň ýanynda pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasynyň bolmagy hökmanydyr.

Hormatly raýatlar, saýlaw hukugyňyzy ulanyň we saýlawlara gatnaşyň!

 

Saýlaw uçastogynyň iş wagty (Buharest wagty):

Sene

Iş wagty

 

Arakesme

 

2022-nji ýylyň

2-nji mart – 11-nji mart aralygynda

 

09.00 – 18.00

 

12.00 – 14.00

2022-nji ýylyň 12-nji marty

07.00 – 19.00

Ýok