RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

pic
18 Apr

Ulag arabaglanyşygyny we söwda-ykdysady utgaşygyny pugtalandyrmak ugrunda

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hereketleriň Aşgabat maksatnamasy (2024–2035) we Durnukly ulagyň onýyllygy (2026–2035) bilen baglylykda Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitinde ulag arabaglanyşygyny we söwda-ykdysady utgaşygyny ösdürmek” atly tegelek stol geçirildi.  Tegelek stoluň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar...

CITESTE MAI MULT
pic
18 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa S...

CITESTE MAI MULT
pic
16 Apr

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň başlygy bilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Buharest ş.) A.Annaýewiň Horwatiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary, hökümetara Türkmen-Horwat bilelikdäki toparyň horwat tarapynyň başlygy jenap Goran Romek bn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň esasy mowzugy, şu ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hökümetara Türkmen-Horwat Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň...

CITESTE MAI MULT
pic
16 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ýaponiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hem duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Sanko Seiko Co. Ltd.», «Muroosystems Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumit...

CITESTE MAI MULT
pic
16 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Tokioda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşdy. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar. Uniwersitetiň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli...

CITESTE MAI MULT
pic
16 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy. Iri maliýe edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de Haýahsi Nobumitsu döwlet Baştutanymyzy “EKSPO - 2025” Bütindünýä serg...

CITESTE MAI MULT
pic
16 Apr

Tokioda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa ilkinji saparydygyny belledi we çakylygy kabul edip, Ýaponiýa gelendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle-de Premýe...

CITESTE MAI MULT