RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

pic
25 Mai

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Mogoşaýa seýilgäh we köşk toplumynyň medeni merkezinde “Dünýäniň medeniýetleri” şygary bilen geçirilen 13-nji “ClasicFest” festiwalyna gatnaşdy.

2024-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Mogoşaýa seýilgäh we köşk toplumynyň medeni merkezinde “Dünýäniň medeniýetleri” şygary bilen geçirilen 13-nji “ClasicFest” festiwalyna gatnaşdy. Her ýurt bu çärede milli sergisini gurady. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäginde açylyş dabarasy geçirildi we onda gurnaýjylar çykyş etdiler. Ilçi A.Annaýew öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen diliniň we edebiýatynyň ösüşine, türkmenleriň milli özboluşlylygyna we...

CITESTE MAI MULT
pic
23 Mai

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidenti myhmany möhüm çäräniň - GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, mejlisi ýokary derejede guramak üçin ýurdumyzyň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bil...

CITESTE MAI MULT
pic
23 Mai

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşl...

CITESTE MAI MULT
pic
22 Mai

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna bardy

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna gelip, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky...

CITESTE MAI MULT
pic
21 Mai

Türkmenistanyň DIM-nde GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli ýygnaga taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Şeýlelikde, duşuşygyň barşynda taraplar 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň agza döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garadylar. Gep...

CITESTE MAI MULT
pic
21 Mai

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynda Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna bardy we ol ýerde Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň we Eýranyň beýleki resmi adamlarynyň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmaklary bilen baglanyşykly matam çäreleri geçirilýär. Ilçihananyň kabul ediş jaýynda R.Meredow, Türkmenistanyň...

CITESTE MAI MULT
pic
20 Mai

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynynç bildirdi. Ýazmaça ugradylan habarda Hosein Amir Abdollahiýanyň sebitleýin we ählumumy parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşan diplomat hökmünde halklaryň ýadynda hemişelik galjakdygy beýan edilýär.

CITESTE MAI MULT