CELE MAI RECENTE STIRI
Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasyna gatnaşýar
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine sapary başlandy. Baş konferensiýanyň çäginde wekiliýetiň IAEA-nyň Baş direktorynyň orunbasary jenap Lýu Hua bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda IAEA ýaly abraýly halkara gurama...
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmak departamentiniň direktory Maika Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň BSG-ä agza bolm...
Türkmenistanyň DIM-de durmuş-ykdysady häsiýetli möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri,...
Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministri Fuad Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Iň ýokary we ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn s...
Türkmenistanyň DIM-nde Daşky gurşawy goramak meseleleri we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek mümkinçilikleri boýunça brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasa...
Aşgabatda CARICC-iň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-iň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi. Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň (CARICC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde gurnan brifingine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryny...
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat - Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilm...