TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA KABUL EDILEN ADAMLARA PASPORTLAR GOWŞURYLDY

Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti  735 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi.

1-nji oktýabrda Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we köpçülikleýin habar  beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Migrasiýa häzirki wagtda globallaşma işleriniň uly wehimleriniň biriniň öňünde durýar. Bu ugurda Türkmenistan kanunçylyk kadalaşdyrmasynyň oňyn tejribesine hem-de migrantlara durmuş goraglylygyny we birmeňzeş mümkinçilikleri döretmekde  mäkäm erk-islege eýedir. Ol adamyň hukularynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine, şeýle hem türkmen halkyna mahsus bolan belent ynsanperwer däplerine esaslanandyr hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň migrasiýa syýasatynda mynasyp beýanyny tapýar.

Soňky ýyllarda biziň parahat ýurdumyz ençeme adamlar üçin ikinji öýlerine öwrüldi. Anyk mysal hökmünde, 2011-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli döwürde milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna 8 145 adamyň kabul edilendigini görkezmek bolar.

Permana laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli tekilipler bermek bilen, Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň raýatlygyny kabul etmek üçin ýüz tutan raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek boýunça öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna ygrarly bolup galýandygyna şaýatlyk edýär.