ürkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, hem-de bu guramanyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine täze bellenilen h-m Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi.

2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, hem-de bu guramanyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine täze bellenilen h-m Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapy h-m Panowany Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýandygyny belledi. Şu jähtden, taraplar ýurduň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň ornuny nygtadylar. Soňra howpsuzlyk, ösüş we gumanitar ölçegleri ugurlarynda hyzmatdalygy dowam etmek boýunça pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy h-m Panowa öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Hanym Panowa BMG-niň Türkmenistandaky ygtyýarly wekili hökmünde Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge zerur tagallalaryny amala aşyrjakdygyna ynandyrdy.