img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy

photo

BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň sekiz komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, ýurdumyz bäş gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.