Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň VII mejlisi öz işine başlady

2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň VII mejlisi öz işine başlady.

Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, atçylyk pudagynyň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki işiň ösmegine ägirt uly goşant goşandyklary üçin assosiasiýanyň daşary ýurtly agzalaryna Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Halkara epizotik býurosynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Kazimiras Lukauskas hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda at keselinden azat zolagy döretmek hakyndaky sertifikaty gowşurdy, hem-de Halkara atçylyk sport federasiýasynyň baştutany Ingimar De Wos hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda atçylyk sport pudagyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogyny we medalyny gowşurdy.

Halkara atçylyk sport federasiýasynyň prezidentine Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan çärelere işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz bu sylagy tütuş türkmen halkynyň we atşynaslarynyň hyzmatyna minnetdarlyk hökmünde kabul edýändigini aýtdy.