Türkmenistanyň DIM-nde 2025-nji ýylda Diplomatik gullugyň esasy wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde ministrligiň ýolbaşçy düzüminiň we işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen ýylyň deslapky netijelerini gözden geçirdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň parasatly ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekmegi dowam etdirmegiň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerine laýyklykda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde anyk wezipeler kesgitlenildi.