Ýol ulaglary baradaky Türkmen-Rumyn bilelikdäki toparynyň birinji duşuşygy

2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Ýol ulaglary baradaky Türkmen-Rumyn bilelikdäki toparynyň birinji duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna “Türkmenawtoulaglary” gullugynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy - Kakajan Ýagmyrow ýolbaşçylyk etdi, rumyn tarapyna Transport we infrastruktura ministrliginiň Döwlet sekretary Adrian Jorj Fogiş ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de ol üstaşyr ulag geçelgesi boýunça iş toparynyň rumyn tarapyndan utgaşdyryjysy we Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň rumyn tarapyndan ýolbaşçysy.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň çäginden halkara ýol ulaglary meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Täze üpjünçilik zynjyrlaryny guramak meselesiniň aýratyn ähmiýetini göz öňünde tutup, taraplar deňlik esasynda ýol ulaglary üçin goşmaça rugsatlar paýlamak, şeýle hem rumyn awtoulag gatnawçylaryna haryt getirmekde administratiw çäklendirmeleri aýyrmak barada maslahatlaşdylar.