Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy
2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Agronomiýa Ylymlar we Weterinariýa Medisinasy Uniwersitetiniň çäginde 30 nahal ekdi. Çärä gibrid formatda geçirildi.
Çärä Buharestde akkreditlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri; mejlisiniň wekilleri; Transport we infrastruktura ministrliginiň, Energetika ministrliginiň Döwlet Sekretarlary; Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň we Rumyniýanyň diplomatiýa institutynyň wekilleri; Rumyniýa uniwersitetleriniň ýolbaşçylary, alymlar we medeni işgärler, Buharest Söwda-senagat palatasy, rumyn muzeýleriniň ýolbaşçylary, ýerli jemgyýetiň we metbugatyň wekilleri, şeýle hem Rumyniýanyň uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdy.
Çäräniň esasy böleginde 30 nahal nahalyň bilelikde ekilmegi bolup, onda ilçi A.Anaýewiň tebigata ideg etmek, gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň iň möhüm ugrydygyny belläp geçdi
Çäräniň aýdym-saz bölüminde türkmen tarapy tomaşaçylara dutarda milli aýdym-saz we halk döredijiligi bilen çykyş etdi.
Çäräniň ahyrynda myhmanlara türkmen milli aşhanasynyň tagamlary hödür edildi.
Çäräniň ahyrynda myhmanlara türkmen milli aşhanasynyň tagamlary hödür edildi.