Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen gatnaşyklarynyň netijelerine garaldy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda DIM-de Türkmenistanyň geçen ýylyň dowamynda Halkara zähmet guramasy bilen bilelikdäki işiniň netijeleri boýunça mejlis geçirildi.

Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle hem welaýat häkimlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetine Baş direktoryň kömekçisi, Sebitleýin direktor Beata Andres ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň işine gatnaşyjylar «2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna» laýyklykda geçirilen işleriň netijelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek babatynda öňde duran ädimler boýunça pikir alyşyldy.