Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi.

Hanym Antonella Bassani bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Bütindünýä bankynyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurtda milli maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, dürli pudaklarda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, ösüşiň ýokary depginini saklap galmaga mümkinçilik berýär. Pursatdan peýdalanyp, Antonella Bassani Bütindünýä bankynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de myhmanyň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Bu ugurda Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, maliýe ulgamyny kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek, ekologik durnuklylygy üpjün etmek bilelikdäki işiň esasy ugurlary bolup durýar.

Ýurdumyzda makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek babatda netijeli işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bu taslamalaryň esasy maksadydyr.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmeginiň ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Ýurdumyzda ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutany sebit ähmiýetli Demirgazyk - Günorta, Gündogar - Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Mundan başga-da, Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň bähbidine milli banklarymyz we hususy pudak bilen gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýarys. Ykdysadyýete täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de Bütindünýä banky bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, hanym Antonella Bassanä alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.