Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan çakylyk haty Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisine gowşuryldy
2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Ilçisi A. Annaýew bilen Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi jenap Newen Pelikarigiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ilçi duşuşygyň başynda 2025-nji ýylda Türkmenistan üçin möhüm ýyl bolandygyny, bu ýurduň “Halkara parahatçylyk we ynam ýyly” - halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanýan Türkmenistanyň bütündünýä parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky işleriniň ykrar edilmeginiň aýdyň beýanyna öwrülen “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylyna gabat gelýän hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýänligi üçin möhüm ýyl bolandygyny belledi.
Soňra A.Anaýew Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynananyşmak ýyly wekilçilikli Forumyna gatnaşmak üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň adyna ýazylan çakylyk hatynyň asyl nusgasyny gowşurdy. Şeýlelik bilen, Ilçi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn we yzygiderli ösmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýän ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetine ünsi çekdi.
Duşuşykda taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn netijesi we Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan geljegini bellediler. Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem, giňeltmek isleýändiklerini belläp, özara gyzyklanýan dürli ugurlardaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.