Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy.

Onuň Alyjenaby Imperator belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyrýan şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Onuň Alyjenaby Imperator bilen şu ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Imperatora Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Ýakynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly senesi, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli halkara forum geçirildi.

Imperator Naruhito Türkmenistanyň Prezidentini giň wekilçilikli forumyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ornuny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Onuň Alyjenabyny “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynyň dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlaryň ünsüni çekendigini, olaryň ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti we häzirki döwürde ýeten sepgitleri bilen tanyşmagyna uly mümkinçilik döredendigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Ýaponiýa täze tehnologiýalar we ýokary senagat önümçiligi babatda dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň “ýaşyl” energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ulgamlarynda ýapon işläp taýýarlamalaryna gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga açykdygyny tassyklap, özara gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin Imperatora minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.