img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ýokary derejedäki türkmen-gruzin gepleşikleri: hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we täze mümkinçilikler

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşdy.

N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde, hususan-da, BMG-niň çäginde üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gepleşikleri çuňlaşdyrmakda we ýurtlaryň arasyndaky özara ynanyşmagy berkitmekde ýokary derejeli saparlaryň möhüm orna eýe bolýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dürli derejelerdäki gatnaşyklary dowamly alyp barmaga, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde boýunça ähli tagallalary etjekdiklerini tassykladylar.

Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýew bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly bolan mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara maýa goýumlary höweslendirmek, şeýle hem ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Taraplar energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewürler toparynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmegiň ähmiýetini bellediler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda ugurdaş pudaklaryň arasynda ulgamlaýyn gepleşikleri üpjün etmekde we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň orny aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga we netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny bildirdiler.