img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi Kanadanyň General-gubernatoryna ynanç hatlaryny gowşurdy

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Kanadanyň General-gubernatory Luiza Arbura ynanç hatyny gowşurdy. Bu dabaraly çäre Kanadanyň General-gubernatorynyň Ottawa şäherindäki «Rideau Hall» rezidensiýasynda geçirildi.

Dabaradan soň General-gubernator bilen Ilçiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

General-gubernator öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlyk bildirip, öz salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Duşuşykda Luiza Arbur 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek barada Türkmenistanyň BMG-de öňe süren başlangyjyna ýokary baha berip, bu babatda hoşallygyny bildirdi.

Saparyň çäklerinde Ilçi Kanadanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça býurosynyň baş direktory Galit Dobner bilen hem duşuşdy. Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy dialogy ösdürmek we BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar. Şeýle-de 2027-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 35 ýyl dolmagy bilen baglylykda, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.