SOŇKY HABARLAR
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TASLAMALARY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Bauryň, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýada bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalaryň ýagdaý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE AZERBAÝJANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan b...
ARKADAG ŞÄHERINDE HALKARA ÝAŞLAR FORUMY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň guramagynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişellik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara ýaşlar forumy geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de BMG-niň Baş Assamble...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistandaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” form...
TÜRKMENISTAN WE GFR KÖPTARAPLY HYZMATDAŞLYGY ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ UGRUNDA
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Federal daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Ygtyýarly wekili Matias Lýuttenberg bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar we i...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň formatynyň çäklerinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 32 ÝYLLYGY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler hem dabaralar geçirilip, döwletimiziň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, owadan bezelen neşirler çap edilýär. Bu baýramçylyk wakalar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe žurnallar, şol sanda, şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan «Türkmeni...