img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Apr

Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) ştab-kwartirasynda agentligiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşyk geçirip, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň yzysüre, bu ýerde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Gahryman Arkadagy...

DOWAMY
pic
13 Apr

Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda,...

DOWAMY
pic
10 Apr

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Neda Berger duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm...

DOWAMY
pic
9 Apr

Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelende Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Tü...

DOWAMY
pic
9 Apr

Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Yý-He Sesiliýa Çang ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar çalt depginler bilen ösýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdil...

DOWAMY
pic
8 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyý...

DOWAMY
pic
7 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary Ça Ýong-ho bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy iki ýurduň raýatlarynyň birek-biregiň ýurtlaryn...

DOWAMY