SOŇKY HABARLAR
GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Astana şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky Mejlisine gatnaşdy. Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Daşary işler ministrler 2022-nji ýylyň 14-nji...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler. Şol bir wagtda, taraplar türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň goranyp saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň TÜR...
“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda ýakyn wagtda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda meýilleşdirilýän...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy. Şeýle hem, sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wlasimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ II HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň arasynda energetika, söwda we maýa goýumlary, ulag we logistika, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş, telekeçilik işi, ylym we innowasiýalar, amatsyz sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýlaryna garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlar...
“TÜRKMENISTAN – ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi M.Klimou hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Boeing», «Exxon Mobil» General Electric, «Coca C...
ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ ÝARAGLARA GÖZEGÇILIK, BARLAG WE BERJAÝ ETMEK BOÝUNÇA KÖMEKÇISINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ABŞ-nyň Döwlet Sekretarynyň Ýaraglara gözegçilik, barlag we berjaý etmek boýunça Kömekçisiniň birinji Orunbasary Pol Din bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine seretdiler, häzirki zaman wehimlere we howplara netijeli garşy...