SOŇKY HABARLAR
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN HABAR
Soňky wagtda halkara habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde türkmen tebigy gazyny günbatar ugry boýunça ibermek taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada teswirler peýda bolup başlady. Gürrüň Ýewropa bazarlaryna türkmen "mawy ýangyjyny" ibermek maksady bilen, Hazar deňziniň düýbünden gaz geçirijisiniň gurluşygy barada gidýär (Hazarüsti turba geçirijisi). Uly göwrümli taslama gyzyklanmanyň şeýle “duýdansyz” ýüze çykmagy häzirki şertlerde, umuman, düşnükli hem muny düşündirip bolýa...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Mej...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji iýulynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň, pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINE AGZA DÖWLETLERIŇ HEM-DE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň - Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeý...
TÜRKMENISTAN DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYNA ÝETMEKDÄKI IKINJI MEÝLETIN MILLI SYNYNY HÖDÜRLEDI
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşýan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi. Hasabatyň tanyşdyrylyşynda wekiliýet foruma gatnaşyjylara 2019-njy ýylda ilkinji Synyň hödürlenenden bäri geçen döwürde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, şeýle hem durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen orta we...
GDA-NYŇ ÝOLÇULARYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem sebitdäki halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň ählumumy ulag dialogyna işjeň gatnaşmagy barada pik...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň Prezidenti bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara b...