SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “MERKEZI AZIÝA-ÝEWROPA BILELEŞIGI” FORMATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILLERIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi. Wekilçilikli forumyň işine Ýewropa Bileleşiginiň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili gatnaşdylar. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili we...
TÜRKMENISTAN BILEN RUMYNIÝANYŇ ARASYNDA BILIM ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA RESMINAMA GOL ÇEKILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň bilim ministrliginiň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa, rumyn tarapyndan bolsa, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal gol çekdiler.
TÜRKMENISTAN BILEN RUMYNIÝANYŇ ARASYNDA BILIM ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA RESMINAMA GOL ÇEKILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň bilim ministrliginiň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa, rumyn tarapyndan bolsa, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal gol çekdiler.
RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Rumyniýanyň Konstansa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. "Jean Constantin" ýaşlar üçin köpugurly bilim merkeziniň eýwanynda sergi açyldy. Onuň esasy bölegi Magtymguly Pyragynyň kitaplaryndan, goşgular ýygyndylaryndan, şeýle hem türkmen halkynyň taryhyna, ýurdumyzyň täsin tebigatyna we syýahatçylygyň özüne çekijiligine bagyşlanan meşhur ylmy edebiýatdan ybarat boldy. Sergi bilen tanyşlyk mahalynda çärä gatnaşyjylar dünýä siwilizasiýasynyň ös...
TÜRKMEN-RUMYN MEDENI GATNAŞYKLARYNYŇ ÖSDÜRILMEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimowyň Rumyniýanyň medeniýet ministri Luçian Romaşkanu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy myhmansöýerligi hem-de Türkmenistanyň medeniýet günlerini geçirmäge ýardam bereni üçin rumyn tarapyna hoşallyk bildirdi. Taraplar medeni ulgamda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Hereket edýän ikitaraplaýyn medeni...
RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2023-nji ýylyň 22-26-njy maýynda Buharest we Konstansa şäherlerinde geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Rumyniýa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekillerinden, sungat işgärlerinden, alym-professorlardan, şeýle-de habarçylardan düzülen topar geldi. 22-nji maýda Buharestde Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylym we sungat işgärleri, bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik eda...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN UNESCAP-YŇ KARARNAMASY KABUL EDILDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan...