img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-FRANSUZ HYZMATDAŞLYGY BARADA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2022-nji 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Senatynyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy Fransiýa-Merkezi Aziýa dostluk toparynyň Başlygy Erwe Moreý bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşykda Tükmenistan  bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň başynda E.Moreý bu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen many mazmunly we konstruktiw häsiýetli geç...

DOWAMY
pic
9 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY K.KOSAÇÝEWYŇ DUŞUŞYGY BARADA

2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary Konstantin Kosaçýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler iň ýokary derejede ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ulgamlaýyn we dinamiki häsiýetde berkidilen ynamyň ýokary derejesini bellediler. Russiýa Fe...

DOWAMY
pic
8 Dek

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI SESSIÝASYNDA TÜRKMENISTANYŇ KARARNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI

2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Baş Assambleýa Türkmenistan tarapyndan Gün tertibiň "Parahatçylyk medeniýeti" 14-nji bölümine laýyklykda hödürlenen " 2023-nji ýyl-Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly" atly Kararnamanyň taslamasyna seretdi. Türkmen wekiliýeti kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2021-nji ýylyň dekabrynda "Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durn...

DOWAMY
pic
8 Dek

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AZERBAÝJANYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Hormatly Arkadagymyz Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bild...

DOWAMY
pic
8 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINDÄKI DUŞUŞYKDA AZERBAÝJANYŇ PARLAMENTI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde sapar bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa azerbaýjanly kärdeşlerini mähirli mübärekläp, myhmanlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda geçýän şu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Kom...

DOWAMY
pic
8 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de öz kärdeşine we ähli türkmen halkyna tüýs ýü...

DOWAMY
pic
7 Dek

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäginde türkmen-rus söwda we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy. Soňky ýyllarda gatnaşyklara güýçli itergi...

DOWAMY